Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

    Şu gün...

  • HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

    Türkmenistanyň...

  • BEÝIK ÝEŇIŞ MIZEMEZ – GAHRYMANLAR BAKYDYR.

    Şu gün...

  • TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – ÝURT GARAŞSYZLYGYNYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Golaýda...

PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ DABARALANÝAN DÖWRI

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda, Ahal welaýat hem-de Aşgabat şäher komitetleriniň gurnamagynda  «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan döwri» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň üçünji gezek ykrar edilmegi çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürmegiň ähmiýetiniň uludygyny dünýä ýaýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, 54 sany halkara guramanyň agzasy bolmagy, şeýle-de birnäçe halkara konwensiýalara we şertnamalara, beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşmagy halkara giňişlikde işjeňliginiň ýylsaýyn artýandygyny görkezmek bilen bir hatarda, hemişelik Bitaraplygymyzyň parahatçylyga, durnuklylyga we ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam edýän işjeň diplomatik çemeleşmedigini hem tassyklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmen telekeçileri ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutýan tutumly işlerinde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP