Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY - BEÝIK ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Golaýda Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Tiz kömek merkezinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli duşuşyk geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine döredilýän mümkinçilikleri we döredilýän şertleri giňden wagyz etmek we baýramçylygy gutlamak maksady bilen geçirilen çäräniň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş lukmanlarymyzyň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar ýaşlar hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Tiz kömek merkezinde zähmet çekýän partiýa agzalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Duşuşykda ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP