Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

BEDENTERBIÝE WE SPORT JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGYNY ÜPJÜN EDÝÄN GYMMATLYKDYR

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. 

Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan oňyn işlerini hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirmegi bilen ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu gün sport saglyk ýörelgelerine esaslanyp Arkadag şäheriniň Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde hem ir säher bilen talyp ýaşlaryň şeýle-de mugallymlaryň gatnaşmagynda ýörite tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde sport barada birnäçe aýdym sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Ertirki beden maşyklary hem-de welosipedli ýöriş, woleýbol, stol tennis, küşt oýuny ýaly sportyň dürli görnüşleri boýunça talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşikler gurnaldy we aýdym-sazly, tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi we ýeňiji bolan toparlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti tarapyndan Hormat hatlar we sowgatlar bilen sylaglandy.

Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, sport mekdepleriniň birnäçe toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn nygtarlyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň mähir yhlasynda kemala gelen Arkadag şäherinde hem dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler bilen üpjün edilen birnäçe sport desgalary gurulyp ulanylmaga berilmegi bagtyýar ýaşlarymyzy şeýle hem Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylaryny has-da ruhlandyrýar. Halkymyzyň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyran beýik taglymatynyň miweleridir.

Ähli türkmen halkymyzy üstünliklerden üstünliklere alyp barýan sagdyn belent ruhly ýaş nesillerimiziň ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP