Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ BAŞTUTANLYGYNDA DÖWÜR BEÝIK IŞLER BILEN BEÝGELÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde hem milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň netijeli ugry bolup durýar. 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher, Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda maslahaty geçirildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň öndürýän önümleriniň hili we innowasion häsiýetli taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. Bu syýasaty ykdysadyýetinde ýangyç-energetika pudagynyň tutýan orny uly bolan döwletlerde oýlanyşykly amala aşyrmak ykdysady howpsuzlyk nukdaýnazardan möhüm bolup durýar. Häzirki döwür - dünýä ykdysadyýetiniň ähliumumylaşýan döwri. Bu ýagdaý ykdysadyýetde, durmuş çygrynda we ylym-bilim ulgamlarynda birnäçe çagyryşlarynyň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bu hadysanyň amatsyz täsirini peseltmegiň we aradan aýyrmagyň netijeli guraly bolup çykyş edýär. Gaýtadan işleýän senagaty we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň esasynda ykdysadyýetiň köpugurly ösüşiniň üpjün edilmegi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimizde bazar gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy gurluşyk pudagynda eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde bu pudak möhüm orunlaryň birini eýelemek bilen, ösüşiň çalt depgini esasly tapawutlanýan häzirki döwürde döwletiň we hususyýetçileriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan täze usullaryň, täze derejä ýetendigini görmek bolýar. Dürli ugurlarda gazanylan ykdysady we durmuş ähmiýetli ösüşler hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan köpugurly döwlet syýasatynyň oňyn netijelerini berýändigini, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň bagtyýar hem-de bolelin ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini nobatdaky gezek subut edýär. Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolmagyny arzuw edýäris!

TSTP