Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

HEMIŞELIK BITARAPLYK DÜNÝÄ ÝAÝYLÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda «Hemişelik Bitaraplyk dünýä ýaýylýar» atly maslahat geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga toý dabaralara beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip atlandyrylan ýylymyzda batly gadamlar bilen diňe öňe barýan eziz diýarymyza ýene-de bir taryhy wakalaryň şatlykly begençli habarlaryň biri gelip gowuşdy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamanyň bir agyzdan 3-nji gezek kabul edilmegi halkymyzyň we dünýä döwletleriniň hakydasynda taryhynda öçmejek yz goýup dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. 

Ýaşyl tugumyzyň has-da belentde parlamagyna getirýär. Elbetde bu ajaýyp döwlet ähmiýetli umumadamzat bähbitli işleriň hiç biri ýöne ýerden bolmaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny öňe sürýän içerki we daşary oňyn syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmetleriniň oňyn netijesi bolup durýar. 

Goý, ähli türkmen halkyny şeýle ajaýyp asuda, abadan, parahat, durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

TSTP