Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Konstitusion özgertmeler-aýdyň gelejegimiziň hatyrasyna

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek  şeýle hem  Türkmenistanyň Halk Maslahatynda 2021-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryny makullamak maksady bilen, “Konstitusion özgertmeler-aýdyň gelejegimiziň hatyrasyna” atly wagyz-nesihat çäresini geçirildi. Çärede çykyş edenler 2020-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyz il bähbitli ýurt ähmiýetli birnäçe teklipleri öňe sürendigi hem şaýatlyk edýär. Ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek,  bu jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär. 

Goý, Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhraty, at-abraýy öňküden-de belende galsyn! Mähriban Arkadagymyzyň bu ugurdaky ynsanperwer syýasatynyň, beýik başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýdyp, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP