Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

HUSUSY ULGAMDA ÝAŞLARYŇ MYNASYP ORNY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde tejribeli bilermenler, telekeçiler, mugallymlar tarapyndan marketing, maliýe sowatlylygy ýaly temalarda «Hususy ulgamda ýaşlaryň mynasyp orny» atly pikir alyşma duşuşygy geçirildi.

         Duşuşykda çykyş edenler Halkyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler, hususy ulgamda ýaşlaryň mynasyp orny we  bu ugurda ýaşlara bildirilýän uly ynam barada täsirli gürrüňler etdiler. 

Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk-de bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtady. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsunlaryny aýtdylar. 

TSTP