Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA IŞEWÜRLERIŇ ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GOŞANDY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýasynyň kiçi mejlisler jaýynda  «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda işewürleriň  ýurdumyzyň  ösüşine goşandy»  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi saklamakda maksatnamalaýyn çemeleşmä aýratyn orun degişlidir. Ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň netijeli serişdeleriniň biri hökmünde maksatnamalaýyn ösüş pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegine itergi berýär. Ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde ilatyň iş bilen üpjünçilik ugry ileri tutulýar. Ilatyň ykdysady işjeňligini artdyrmak arkaly adamlaryň döredijilik we zähmet mümkinçiliklerini abadançylyga, gülläp ösüşe gönükdirmek, ilatyň zähmete ukyply bölegini iş orunlary bilen doly üpjün etmek, häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak hem-de telekeçiligi ösdürmek häzirki döwürde iş üpjünçilik çygrynda amala aşyrylýan syýasatyň möhüm ugurlary hasaplanýar.

Bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylýan döwründe zähmet bazarynda döwlet syýasatyny oýlanyşykly alyp barmak we ony döwrüň talaplaryna görä guramak zerurlygy ýüze çykýar. Bu syýasatyň esasy maksady ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermekden, täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen ykdysady syýasaty alyp barmakdan ybaratdyr. Ykdysadyýetde iş orunlarynyň sanynyň artdyrylmagy zähmet bazarynda we iş üpjünçilik ulgamynda geljegi uly bolan syýasat hasaplanylýar. Bu syýasat jemi içerki önümiň üznüksiz ösüşini üpjün etmäge, Döwlet býujetiniň girdejiler bölegini artdyrmaga, ilatyň hakyky girdejilerini ýokarlandyrmaga, döwlet, hususy bölek we öý hojalyklary tarapyndan ýerli haryt öndürijileriň önümlerine bolan islegi höweslendirmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga esaslanýar. Täze iş orunlaryny döretmek, şeýle-de bu ugurda ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan höweslendirmek zähmet bazary we iş üpjünçilik çygrynda düýpli meseleleriň biri bolup durýar.

Türkmenistan diýarymyz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň esasyn­da has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, Ýurdymyz hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýo­ly bi­len dün­ýä­de be­lent mer­te­bä eýe bol­ýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP