Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ak ýaprak» hususy kärhanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk – dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen uly baýlygymyz» atly maslahat geçirildi.
Bitaraplyk taglymaty – dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyz Bitaraplyk derejesine daýanmak arkaly, halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.
Geçmişe ser salsaň, pederlerimiziň dünýä halklaryna sary uzaýan ýollarymyza gözüň düşýär. Şol ýollar barada ýazylan ýazgylarda türkmeniň adalatly, ynsanperwer, mert häsiýetleri barada aýdylypdyr. Ine, bu gün mukaddes topragymyzda binýady berkden bina edilen döwletimiz pederlerimiziň dünýäniň çar ýanynda mukaddes, milli häsiýetlere esaslanyp gurlan, hoşniýetli gatnaşyk saklan ýollaryna täzeden jan beren, olaryň asuda, erkin ýaşamak ýaly mukaddes arzuwlaryny wysal eden Garaşsyz, baky Bitarap döwletdir.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy Rezolýusiýany kabul etdi, şoňa laýyklykda, türkmen döwleti deňi-taýy bolmadyk halkara hukuk derejesine – hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.
Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Halkymyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk ýörelgesi gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi.
Bizi ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
TSTP