Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

TÜRKMENISTAN-BITARAPLYK, PARAHATLYK MEKANYM

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Altyn gapy»  hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de para­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýörelge­si my­na­syp ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam ed­ýär. He­mi­şe­lik Bitaraplyk sy­ýa­sa­ty, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­-do­gan­lyk gatnaşykla­ry uly ma­ny-maz­mu­na eýe­dir.  Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, ýurdymyzda zähmet çekýän edara-kärhanalaryň arasynda giňden wagyz nesihat duşuşyklary giňden geçirilýär.

Türkmenistan diýarymyz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň esasyn­da has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, Ýurdymyz hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýo­ly bi­len dün­ýä­de be­lent mer­te­bä eýe bol­ýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP