Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby halkymyza gymmatly sowgatdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda: «Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi» diýip bellemek bilen, beýik söz ussadyna bimöçber sarpasyny beýan edýär. Bu eserde bellenilişi ýaly, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dana Pyragynyň şahsyýetiniň taryhy ähmiýetiniň ykrarnamasydyr we bu abraýly halkara guramanyň Magtymgulynyň golýazmalar toplumyna diňe bir Türkmenistanyň ýazuw mirasynyň däl-de, eýsem, tutuş türki siwilizasiýanyň hem örän seýrek nusgasy hökmünde garaýandygy örän buýsançlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyndaky çuň manyly jümleleri okanyňda beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy barada köp zatlary öwrenýärsiň, şahyryň halkara derejesindäki sarpasynyň barha ýokarlanýandygyna buýsanýarsyň. Şoňa görä-de, biz—jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabaralaryna işjeň gatnaşmak bilen, bu eseriň terbiýeçilik ähmiýetini etrabymyzyň ýaşaýjylaryna düşündirmekde tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Şanly günlerde ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ajaýyp kitabyny sowgat eden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!

TSTP