Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

PARAHATÇYLYGYŇ GELJEGIŇ IŇ MUKADDES MIRASYDYR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän  hünärmenleriň arasynda «Parahatçylygyň geljegiň iň mukaddes mirasydyr»  atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Türk­men hal­ky yn­san­per­wer­li­ge, asyl­ly ýö­rel­ge­le­re be­lent sarpa goý­ýar. Esa­san hem, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­milleş­di­rip ge­lip­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de para­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýörelge­si my­na­syp ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam ed­ýär. He­mi­şe­lik Bitaraplyk sy­ýa­sa­ty, dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­-do­gan­lyk gatnaşykla­ry uly ma­ny-­maz­mu­na eýe­dir. Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň il-gü­nüň asu­da, pa­ra­hat ýa­şa­ma­gy ugrunda uly ala­da edip, dün­ýä­niň ýa­kyn-alys ýurt­la­ry bi­len dostlukly gat­na­şyk­la­ry ös­dü­rendik­le­ri­ni en­çe­me ta­ry­hy mag­lu­mat­lar beýan ed­ýär. Bu gün­ki gün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne daýan­ýan döw­le­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny dün­ýä ýa­ýyp gel­me­gi Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ýörelgeleriň giň­den da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny we uly meş­hur­ly­ga eýe bolýandy­gy­ny gör­kez­ýär. Mu­nuň özi dünýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyşma­gyň, hoş­ni­ýet­li­li­giň dabaralanmasydyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ­—­ hal­ky­my­zyň aňy­ýe­ti­ne, ruhy dün­ýä­si­ne, ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na or­na­şan tag­ly­matdyr. Ol döwletimi­ziň, hal­ky­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni tu­tuş äle­me ýaý­dy, ynam­ly ädim­ler bi­len öňe git­mä­ge ýar­dam et­di, asu­da­lyk­da, ag­zy­bir­lik­de ýaşama­ga giň ýol açyp, yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi dün­ýä­de giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýar.

Türkmenistan diýarymyz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň esasyn­da has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, ýurdymyz hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýo­ly bi­len dün­ýä­de be­lent mer­te­bä eýe bol­ýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP