Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY BILEN

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Anyk teklip» hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Parahatçylygyň we abadançylygyň ýoly bilen» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny şu ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary alyp barýar. Garaşsyzlygymyzy gazanan ilkinji günlerimizden başlap, döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny yglan edilmegi biz, türkmen halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

TSTP