Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Serpaý ussat hyzmatdaş» hususy kärhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Ählimize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitaby neşir edildi. Bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine hem goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikir-garaýyşlaryny hem halka ýetirýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň, agzybir halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada maglumatlar giňden beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr. Taryh hakynda söz açylanda, dünýäniň iň gadymy halklarynyň arasynda, ilki bilen, türkmen halky hem ýatlanylýar» diýen ajaýyp sözleri biz – ýaşlarda milli buýsanç duýgusyny goşalandyrýar. Kitapda beýan edilen pikirler we garaýyşlar ýaş nesliň öz halkynyň şöhratly taryhyna, medeniýetine we sungatyna buýsanjyny artdyryp, şol sanda ýaşlary has möhüm üstünliklere we ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar.
Döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP