Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki Maliýe ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Täze kitapda beýan edilýän dünýä ýaň salan wakalar taryhyň altyn sahypalaryny açyp görkezýär, ajaýyp eseriň bölümleriniň atlary okyjyny taryhy wakalaryň jümmüşine çagyrýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserinde: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýär» diýip belleýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze eserinde halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ençemesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň halkara sanawlaryna goşulandygyny, olaryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülendigini buýsanç bilen belläp geçýär. Hut şu jähetden, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolmak bilen, nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Bu ajaýyp eseri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.
TSTP