Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

IŞEWÜRLIK - SEBITIŇ ÖSÜŞINE TÄZE BADALGA

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher, Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sebit syýasatyny, döwletleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, şol sanda söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmakda telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge döredýän mümkinçiliklerini giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen «Işewürlik — sebitiň ösüşine täze badalga» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Milli ykdysadyýeti ösdürmekde bazar gatnaşyklary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýan telekeçiligiň kämilleşdirilmegi döwletiň ösüşlerine täze badalga bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine hususy işewürligiň gatnaşmagyny üpjün etmek ýa-da oňa telekeçileri giňişleýin çekmek esasy şertleriň biridir. Munuň şeýledigini ýurduň milli ykdysadyýetinde döwlete dahylsyz pudagyň tutýan ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy meselesiniň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy hem görkezýär.

Hususy pudagyň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek, ony döwletara hyzmatdaşlykda işjeň ýagdaýa getirmek, şol bir wagtyň özünde-de, telekeçiligiň heniz ulanylmadyk mümkinçiliklerini hereketlendirmek, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň ugurlarynyň, olaryň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini, işewürleriň iri maýa goýum taslamalaryny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek häzirki zaman ösüşiniň esasy talaplarydyr.

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, aslyýetinde, täze döwrüň talaplaryna kybap gelýän ykdysadyýetiň nusgasyny döredýär. Bu bolsa maýalar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny, ata Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Sözümizi jemläp aýdanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek ugrunda amala aşyrýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegi täze gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmek hem-de olaryň girdejilerini artdyrmakda täze mümkinçilikleri emele getirýär.

 Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP