Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ

Şu gün şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we  telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we maddy däl medeni-mirasymyzy, milli gymmatlygymyzy düýpli öwrenmek maksady bilen, Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç  gurnaldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň taryhyny öwrenmek, merdana pederlerimiziň sarpasyny belentde tutmak, şu günki we geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň gadymy mirasyny, mukaddes ýoly öwrenmek, olary goramak bilen Watanymyzyň beýikligine, taryhynyň şöhratlydygyna göz ýetirýärsiň.
       Mil­li mi­ra­sy­myz jem­gy­ýe­tiň ru­hy baý­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. Türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my me­de­ni mi­ra­sy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry asyr­la­ryň uzak heň­ňam­la­ry­nyň do­wa­myn­da bar­ha baý­la­şyp, kä­mil­le­şip gel­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­si esa­syn­da top­la­nan mil­li-ru­hy me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, top­la­mak, ola­ryň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak, ha­sa­ba al­mak we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da mö­hüm we­zi­pe­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Müň­ýyl­lyk­la­ryň için­den baý tej­ri­be top­lap ge­len hal­ky­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk mi­ra­sy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry, edim-gy­ly­my we aja­ýyp däp-des­su­ry bar. Bu gym­mat­lyk­lar ös­dü­ri­lip, kä­mil­leş­di­ri­lip bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ri­lip­dir.

Ga­dy­my hem-de baý mil­li mi­ra­sy­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mä­ge, ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ja­nlary sag, öm­ürleri uzak, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

TSTP