Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň gurnamagynda Saýat etrap häkimliginiň kiçi mejlisler jaýynda «Türkmenistan – sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriň ýurdy» atly maslahat geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn bedenli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bedenterbiýä hem-de sporta uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sport çäresiniň geçirilmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, şeýle-de halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasynyň bolmagy aýratyn ähmiýetlidir.
«Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.
Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýan, halkymyzyň saglygy ugrunda tutumly işler alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
TSTP