Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MEDENI HEM-DE MÜDIMI MIRAS

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýanyň kiçi mejlisler jaýynda milli el hünärimizi  häzirki wagtda dowam edýän we  olary nesilden-nesile geçirýän halypa telekeçi zenanlar bilen «Medeni hem-de müdimi miras» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende götermekde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kämil durmuş ýörelgelerimiziň, şöhratly geçmişimiziň tassyknamasy bolan medeni gymmatlyklarymyzyň wajyp ähmiýeti bardyr.  Ýur­du­my­zyň her bir gü­ni gu­wan­dy­ry­jy we buý­san­dy­ry­jy wa­ka­la­ra bes­len­ip, şeý­le aja­ýyp za­ma­na­da öz­ge­riş­le­ri­ hal­ky­my­zyň dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny, ru­hy mi­ra­sy­ny wa­gyz et­mek­de hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Türkmen Hal­ky­my­zyň pä­him-paý­ha­syn­dan, eli çe­per ene-ma­ma­la­ry­my­zyň, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ze­hin-yh­la­syn­dan ke­ma­la ge­len ne­pis ha­ly­lar­dyr gül­li ke­çe­ler, sün­nä­le­nip  na­gyş­la­nan mil­li ly­bas­lar, in­çe­lik bi­len edi­len el iş­le­ri hiç ha­çan ba­ha­sy­ny ýi­tir­me­jek mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz­dyr. Ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň uz bar­mak­la­ryn­dan dö­re­ýän el iş­le­ri­niň äh­li­si-de ne­pis sun­gat ha­sap­la­nyl­ýar. Keş­de­çi­lik sun­ga­ty mil­li me­de­ni mi­ra­syň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup, türk­men hal­ky­nyň däp­le­ri­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny şöh­le­len­dir­ýär. 

Ga­dy­my hem-de baý mil­li mi­ra­sy­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mä­ge, ola­ryň äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ja­nlarynyň sag, öm­ürleriniň uzak, döw­let­li iş­le­ri  he­mi­şe ro­waçlyklara beslensin.

TSTP