Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kiçi mejlisler jaýynda Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerlerde halkymyz bilen gelejek ýylyň şygary maslahatlaşmak maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmagyň we ýylyň nyşanyny döretmegiň indi däbe öwrülendigi, munuň özüniň bolsa Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny we depginli ösüşlerini dünýä ýaýmakda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmakda, raýatlarymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.
Duşuşygyň barşynda çykyş edenler 2025-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň, abadançylygynyň, täze eýýamda gazanýan üstünlikleriniň, jemgyýetimiziň jebisliginiň beýany bolup, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine halkymyzyň ýürek buýsanjyny artdyrjakdygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem ýurdumyzyň alyp barýan nusgalyk işlerini dünýäde giňden wagyz etmek we asylly ýörelgeleri geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigi bellenildi. Bu ugurda halkymyzyň, ýaşlaryň arzuw-isleglerini nazarda tutmak bilen degişli işleri geçirmek barada öňde durýan wezipeler bu günki günde aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
TSTP