Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Maliýe orta hünär okuw mekdebiniň kiçi mejlisler jaýynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär orta mekdeplerinde bilim alýan ýaşlary telekeçilik işine çekmek maksady bilen, «Bedew batly zamanamyzda telekeçilige giň ýol» atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. 

Duşuşygyň dowamynda partiýanyň işgärleri we telekeçiler çykyş edip, ýaşlary telekeçilik işine utgaşdyrmak we höweslendirmek maksady bilen, alyp barýan işleri we iş tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. 

Şeýle-de, Halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda toýlar toýlara beslenýän diýarymyzda halkymyza berilýän goldaw hemaýatlary, Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edýän atalyk aladalary barada täsirli gürrüňler edildi. 

Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk-de bedew batly ösýän ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP