Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Hyzmat merkez» hojalyk jemgyýetinde «Sport- güýç, gözellik, sagdynlyk we belent ruh»  atly  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Beýik galkynyşlar döwründe saglyk – diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr. Çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ýurdymyzyň dürli ugurlarda zähmet çekýän edara-kärhanalaryň arasynda wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdymyzyň gülläp ösüşiniň berk bedenli we sagdyn ruhly ýaş nesillere baglydygy, şonuň üçin hem sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwletli işleriň ähmiýetiniň örän uludygy şeýle hem, türkmen halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde Gahryman Arkadagymyzyň alyp baran beýik başlangyçlaryny dowam etdirip, ýurdumyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin irginsiz aladalanýan Arkadagly Serdarymyzyň sporty we bedenterbiýäni dünýä ýaýmakda alyp barýan işleri uly mana eýedir.

Döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. 

TSTP