Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

HUSUSY ULGAMDA ÝAŞLARYŇ ORNY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny telekeçilik işine itermek, ýaşlaryň arasynda telekeçilik işini çekmek boýunça Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär tehniki okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we bilim işgärleriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   

          Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň ýagty gelejegi ugrunda edilýän atalyk aladalary, ýaşlaryň ýiti zehinli, başarnykly bolmaklary barada täsirli gürrüňler etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamak, zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerine sagbolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP