Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda «Ýelken» hususy kärhanasynda «Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik - syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrülendigi, onda möhüm çözgütleriň kabul edilendigi bilen bagly täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyşlarda jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmek, halkymyzy has-da bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

TSTP