Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýat maliýe ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda partiýa agzalarynyň, talyplaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – halk bähbidine gönükdirilen beýik işler» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň il-ýurt bähbitli ähmiýeti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde edilen taryhy çykyşlar barada gürrüňler edildi. Şeýle-de duşuşyga gatnaşan partiýa agzalarynyň buýsançly gürrüňleri diňlendi.     

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza işlemek, asuda-parahat ýaşamak, dynç almak üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   

TSTP