2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde yglan eden «Änew: geçmişi we şu güni» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaraly çäräniň dowamynda halypa ussatlar talyplaryň öňünde çykyş edip, olara gymmatly öwütleri berdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyplarynyň çykyşlary bolsa, dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalardyr goşgularda gadymy Änewiň geçmişi, bu ýerde türkmen we daşary ýurtly alymlar tarapyndan dürli ýyllarda alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri, bu toprakda ýaşap geçen tanymal şahsyýetleriň ömri we döredijiligi, Änewiň medeni gymmatlyklaryny şekillendiriş sungatynda suratlandyran nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň döreden eserleri baradaky pikirler çeper beýan edildi.
Çäräniň ahyrynda «Änew: geçmişi we şu güni» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy. Ýeňijiler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini ylymda, döredijilikde, sungatda şöhlelendirmekleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP