Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETIŇ ÖSÜŞI, HALKYŇ ABADANÇYLYGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda  partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty – Döwletiň ösüşi, halkyň abadançylygy»  atly  düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  ýolbaşçylygynda ýurdumyzda geçirilýän taryhy maslahatyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleri barada buýsançly gürrüňler ediler.

Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň halkymyza, telekeçilerimize işlemek üçin döredip beren şertleri, bu ugurda ýetilen uly sepgitler barada buýsanç bilen bellenilip geçildi. Çärä gatnaşan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

TSTP