Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Lebap welaýat Maliýe orta hünär okuw mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Welaýat Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde alnyp barylýan çäreler we olaryň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ajaýyp döwrümizde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanyp, köçe-ýollaryň durky döwrebaplaşdyrylýar, täze ýollar gurulýandygy, şonuň bilen bir hatarda ýollarda ulag gatnawlary artýandygy bu bolsa, ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi talap edýändigini belläp geçip. Şoňa görä-de, talyp ýaşlara ýol hereketiniň kadalaryny hökmany ýagdaýda doly we dogry berjaý etmelidikleri barada aýdyp geçdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar ak ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagyny arzuw edip, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP