Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ ÄHMIÝETLI

Golaýda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi Ş.Aşyralyýewanyň «Çigildem» mebel kärhanasynda «Ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetli» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Her ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň toýlanýan günlerinde Diýarymyzda Halk Maslahatynyň mejlisi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Onda ýaşululara sala salyp, döwletli tutumlar jemgyýetçiligiň wekilleri bilen maslahatlaşylýar. Munuň özi döwletli ýörelgelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu umumymilli forumyň maksady halk wekilleriniň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmegine, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmegine, milli demokratiýany has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Halk Maslahatynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy ösüşiniň wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşylar. Türkmenistany ösdürmegiň uzak möhletli strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler. Şoňa görä-de, häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şonuň çäginde Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda hem wagyz-nesihat maslahatlarydyr duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti ilata düşündirilýär.

Asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgelere aýratyn sarpa goýýan, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.

TSTP