2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini giňden wagyz etmek, Halk Demokratiýasynyň dabaralanmagyna we Halk maslahatynyň guramaçylykly geçirilmegine ýaşlaryň goşant goşmagyny gazanmak maksady bilen “Halk maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşykda berkarar Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän tagallalar, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň ähmiýetini ýaşlara giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülenligi we ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, döwrebap ylymly, bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ajaýyp şertleriň döredilýändigi, bu zatlar ýaşlar hakdaky aladalardan gözbaş alýanlygy hakynda giňişleýin belläp geçdiler.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Duşuşykda ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.
TSTP