Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Halal zähmet-gözbaşydyr baýlygyň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda “Bagtyýar Gurluşyk” hojalyk jemgyýetinde “Halal zähmet-gözbaşydyr baýlygyň” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn belentlikleriň täze derejesine ýetýär. Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Halal zähmet çekip, päk durmuşyň hözirini görüp ýaşamak jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Halal zähmet çekmek, halal gazanmak jemgyýetiň agzybirligi, sagdynlygy we asudalygy barada aladalar bilen baglanyşyklydyr. Halal zähmet çekip, ak her bir ynsanyň borjudyr. Biziň her birimiziň şeýle asylly ýörelgä eýermek bilen, halallygyň, sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ýagty geljegiň, bagtyýarlygyň dowamat bolmagynyň hatyrasyna gadamlarymyz barha batlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halal zähmetiň sarpasy belent tutulýar, asylly zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli we halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

TSTP