Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Medeniýet halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenabat şäher häkimliginiň bilelikde gurnamagynda, ýurdumyzda dowam edýän medeniýet hepdeliginiň çäginde, Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde, “Medeniýet halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

          Geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda partiýanyň işgärleri, işjeň agzalary dabaraly maslahata gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Welaýatyň medeniýet müdirliginiň aýdym saz we tans toparlary parahat Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. 

         Baýramçylyk çäresine gatnaşan myhmanlar we partiýanyň agzybir işgärleri şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar we janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP