Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Şolaryň hatarynda şahyrymyz Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde tanalýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşmagy öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda dabaraly ýagdaýda belenilip geçildi. Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahata gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň - milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr” diýip bellemegi hem taryhy çykyşynda şanly wakalaryň biri boldy.
Magtymguly Pyragy her bir halk, her bir adam üçin öz mähriban Watanyndan gymmatly zadyň ýokdugyny, ony hiç wagt terk etmezligi ündeýär. Akyldar şahyr: “Her kimiň özüne Müsürdir jaýy, “Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy” diýmek bilen, türkmen topragynyň mukaddesligini, ajaýyp tebigatynyň gözelligini wasp edipdir. Beýik söz ussady milli dilimiziň ähli baýlyklaryndan, çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp, halkyň isleg-arzuwlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny, häsiýetini çeper açyp görkezipdir. Şahyryň şygyrlary adamlaryň aňynda ynsanperwer garaýyşlary, ýaşaýyş, durmuş barada oňyn, sagdyn pikirleri oýaryp, ruhy gymmatlyga öwrülipdir. Bu ajaýyp şygyrlar, bir tarapdan, halkyň isleg-arzuwyny açyp görkezse, beýleki tarapdan, durmuş, ýaşaýyş, ömür, döwlet, adalat, jemgyýet baradaky garaýyşlara içgin düşünmäge, akyl ýetirmäge itergi beripdir. Şahyryň eserlerinde öňe sürülýän esasy pikirler millet hökmünde türkmenleriň sarpasyny belent tutmakdan ybaratdyr. Pyragynyň eserleriniň pelsepewi gözbaşy giň bolup, şahyr türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp gelen durmuş pelsepesini, Gündogar edebiýatynyň edebi-çeper garaýyşlaryny çuňňur özleşdiripdir hem-de milli ruhda çeperçilikli ösdüripdir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns gönükdirilýär. Şahyryň hormatyna bagyşlanyp, her ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Häzirki döwürde akyldar şahyrymyzyň ölmez-ýitmez eserleri dünýä dillerine terjime edilip, alymlar tarapyndan gyzyklanylyp öwrenilýär. Dürli milletleriň wekilleri, dünýä belli ýazyjylardyr döredijilik işgärleri türkmeniň beýik akyldar şahyry hakynda hormat bilen ýatlaýarlar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň beýleki halklaryň arasynda uly hormata mynasypdygyna şol ýazgylaryň diňe käbirine ser salanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen “Magtymguly-ylham çeşmesi” atly kitapda şahyryň Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky neşirleri hakynda maglumatlar, dürli milletden, dürli ýurtlardan bolan edebiýatçylaryň beýik akyldar barada aýdan pikirleri, oňa bagyşlap döreden goşgulary öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynda mynasyp orun tapýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen edebiýatynyň solmaz çyragy bolan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döreden hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
TSTP