Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki Maliýe ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň saýlama goşgylary girizilen täze kitabyň tanyşdyryş dabarasyna TSTP-niň we TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň agzalary, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler täze kitabyň sahypalarynda ýerleşdirilen Magtymguly Pyragynyň ymgyr many-mazmuna beslenen setirleriniň üstünde çintgäp durup geçdiler. Bu täze çapdan çykan kitabyň türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň umumy adamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň halk köpçüligine uly sowgat bolandygy barada buýsançly gürrüňler edildi.
Çäräniň dowamynda Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen, şeýle ajaýyp kitabynyň bize, türkmen halkyna peşgeş bermeginiň uly buýsançdygy barada bellenildi.
Kitap tanyşdyryş dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýüzlenme kabul edip, halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP