Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

“Magtymguly” atly täze kitabynyň tanyş dabarasy geçirildi

Ýakynda çap edilen “Magtymguly” atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Oňa hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen “Magtymguly” atly kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik barada filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, şu mynasybetli birnäçe halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän günlerinde, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Sowgatlyk ýygyndy halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri bilen türkmen, rus, iňlis dillerinde tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Onuň Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelmegi kitabyň täsirligini has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň ruhy şamçyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugurly şeýle beýik işler ildeşlerimizi has-da döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Goý, agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaç bolsun!

TSTP