Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Arkadag şäheri Milli Liderimiziň kämil binagärlik eseri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň gurnamagynda jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Arkadag şäheri Milli Liderimiziň kämil binagärlik eseri» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary esasynda taryh üçin gysga döwürde Köpetdagyň eteginde sebitde ilkinji «akylly» şäheriň gurulmagy ajaýyp zamanamyzyň bedew batly ösüşleriniň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, Arkadag şäheriniň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärçiligiň, bezegiň tehnologik üpjünçiliginiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär.

Arkadag şäheri häzirkizaman şähergurluşyk düzümi, «akylly» şäher konsepsiýasy, gerimi, mazmuny, täzeçilligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň, edara binalarynyň her biri öz binagärlik aýratynlyklary, bezeg serişdeleri bilen bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly» şäher boldy.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmagyny belleýär. Türkmenistan bu şäheri gurmak bilen, ösüş arkaly parahatçylygy äleme jar edýär. Gurýan ýurduň gurpludygyny Arkadag şäheri tassyklaýar. Täze şäheriň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde nusgalyk şäher, çünki «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp şäherde sanly ulgamyň iň döwrebap nusgalaryny görmek bolýar. Şu ýerde «akylly» öýler hakynda durup geçsek, ylmyň şeýle ýokary derejede ösýän döwründe iň täze tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösýänliginden habar berýär.

Gözelligi akylyňy haýrana goýýan Arkadag şäheri — bagtyýar zamanamyzda gazanylýan ösüşleriň aýdyň subudy. Arkadag şäheri Ýer ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň mertebesini ýene bir gezek beýgelden deňsiz-taýsyz şäheridir. Ol geljek nesillere biziň häzirki beýik taryhy döwrümizden hemişelik galjak gymmatly mirasdyr.

Bagtyýarlyk zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize sagbolsunlarymyz çäksizdir.

TSTP