Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Bagtyýarlyga beslenen şadyýan nesil

2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hem-de Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenabat şäherindäki 65-nji çagalar bakja bagynda terbiýelenýän mekdebe taýýarlaýyş bölüminiň çagalarynyň gatnaşmaklarynda “Bagtyýarlyga beslenen şadyýan nesil” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

      Geçirilen çärede asuda asmanly diýarymyzda abadan  durmuşda ýaşaýan şadyýan çagalar üçin Türkmen halk ertekileriniň esasynda düzülen gurjak sahnalaryna gurnalyp,    çäräniň dowamynda körpeje çagalar Türkmen halk döredijiliginden oýunlary bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzda her bir çaganyň alada bilen gurşalmagynyň özi Watanymyzyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjak hemmetaraplaýyn bilimli, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görmek bolýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbosunlarymyz aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP