Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky aladany hem öz içine alýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek we olary iş bilen üpjün etmek aýratyn orun alýar. 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan “Ýelken” hususy kärhanasynda “Hususy pudak ösüş ýolunda” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Ýaşlary telekeçilige çekmek, iş bilen üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem ýaş nesillerimiziň alan hünär bilimini önümçilikde Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň has-da ösdürilmegi, hususy telekeçilere döwlet tarapyndan giň goldaw-hemaýat berilmegi we ýaş telekeçileriň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşantlary barada aýdyldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlary telekeçilik işine çekmek, ýaş nesillerimiziň alan hünär bilimini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ugurlarynda has-da oňaýly peýdalanmaklary üçin öňde goýlan maksatlar bellenilip geçildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara telekeçilik işini alyp barmakda giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny we alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP