Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AGZYBIRLIGIŇ WE DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ BEÝANY
    Şu gün...
  • AGZYBIRLIGIŇ –– DÖWLETLILIGIŇ WE ROWAÇLYGYŇ GÖZBAŞY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...

ÝEŇIŞ BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN GEZELENÇ

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň “Taryhy we ülkäni öwreniş” muzeýinde, talyp ýaşlarynyň we partiýanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda, 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we urşunda wepat bolan gahrymanlarymyzy sarpalap, görkezen edermenliklerini, gaýduwsyzlyklaryny ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen taryhy gezelenç gurnaldy. 

Geçirilen gezelenjiň dowamynda Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmen halkynyň görkezen edermenlikleri barada gyzykly we täsirli gürrüňler edildi. Uruş döwründen häzirki günlere çenli saklanyp galan taryhy tapyndylar bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda gezelenje gatnaşan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza okamaga, döretmäge we halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP