Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kitaphanasynda Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ugur alyp, döredijilik işi bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Magtymguly Pyragy söz sungatynyň ussady” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler beýik dana şahyr, gündogaryň beýik ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlara durmuşyň dürli meselelerinde terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada gürrüňler edildi. Şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada durlup geçildi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
TSTP