Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AZYK BOLÇULYGYNY BERKITMEKDE HUSUSY PUDAGYŇ GOŞANDY

    Türkmenistanyň...

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

Sagdyn bedende sagdyn ruh

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň  gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyplaryň, türgenleriň we ýaş sport söýüjileriň gatnaşmaklarynda “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Geçirilen çärede ýurdumyzda aprel aýynyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri, bäsleşikler we wagyz-nesihat ýygnaklary, diýarymyzyň batly depginli ösüşi, Hormatly Gahryman Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda ýaşlar üçin edýän atalyk aladalary, döredilip berilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. 

Şeýle mümkinçilikleri döredip berendigi üçin  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP