Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Pyragynyň setirleri ýaşlara görelde mekdebi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Pyragynyň setirleri ýaşlara görelde mekdebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işgärleri talyp ýaşlaryň arasynda çykyş edip, beýik akyldar şahyr, gündogaryň beýik pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlara durmuşyň dürli meselelerinde terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada gürrüňler edildi. 

Şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda beýik şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler barada durlup geçildi.   

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza,    Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny we alkyş sözlerini aýtdylar.  

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.   

TSTP