Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Döwrüň bagtyýar ýaşlary – özgertmeleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat Maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, welaýat Maliýe –ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda “Döwrüň bagtyýar ýaşlary – özgertmeleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.   

          Duşuşykda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ýaşlaryň ýagty gelejegi, ýurdumyzyň pajarlap ösmegi ugrunda edilýän atalyk aladalar, ýaşlara berilýän goldaw-hemaýatlar we ýaşlaryň arasyndaky telekeçilik başlangyçlary barada täsirli gürrüňler edildi. 

 Şeýle-de duşuşykda çykyş edenler mundan beýläk-de bedew bady bilen ösýän ýurdumyzyň batly ösüşine öz goşantlaryny goşjakdyklaryny nygtadylar. Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza abadan durmuşda ýaşamak, halal zähmet çekmek üçin döredip beren mümkinçiliklerine öz hoşallygyny  we alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP