Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet

Şu gün şeýle şygar astynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Türkmen şöhle”  hojalyk  jemgyýetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Täze taryhy döwürde sport we bedenterbiýe özüniň döwlet derejesindäki möhüm-wajyp ähmiýetine eýe bolýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giň ýaýbaňlandyrmak we sporty ösdürmek şygaryny Hormatly Prezidentimiz döwrebap we sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň örän zerur şerti hökmünde öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli özgertmeleriniň, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň esasyny hemişe döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri  bolsa adamyň mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Saglyk diňe  her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.  Hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak hem-de boş wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanylýar, ol sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri, awtoulagsyz günleri, ählihalk bag ekmek dabaralaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. 

Raýatlaryň sagdynlygy üçin ýola goýlan ähli tagallalar üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

TSTP