Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • WATANYMYZYŇ BEÝIK ÖSÜŞLERINE BAGYŞLANAN ÄHMIÝETLI MASLAHAT

    Şu gün...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BEÝIK IŞLERI – IL-GÜNÜMIZIŇ ABADANÇYLYGY

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ROWAÇLYGYŇ ÝOLY

    Şu gün...

  • HUSUSY TELEKEÇILIK — MILLI YKDYSADYÝETIŇ SÜTÜNI

    Türkmenistanyň...

  • ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

    Berkarar...

Türkmen halkynyň Milli Lideri - Milli jebisligiň daýanjy

2024-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda  “Türkmen halkynyň Milli Lideri - Milli jebisligiň daýanjy” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň  başlyklygynda Maslahatlar merkezinde “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi”  geçirilmeginiň uly ähmiýete eýe bolup şol nukdaýnazardan ugur alyp, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler esasy meselesi boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça wagyz-nesihat işlerini has-da ýaýbaňlandyrmak üçin işleri alyp barmak dogrusynda çykyşlar edildi.

Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. 

TSTP