Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öwüt-ündew

Golaýda, şeýle şygar astynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi M.Amanowyň “Bars” haryt nyşanly önümçilik kärhanasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günlerinden ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan dürli çäreler giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzyň hususy ulgamynda hem şu günler şanly ýyla bagyşlanan baý many-mazmunly çäreler geçirilýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýär. Şoňa görä-de, ýaşlaryň arasynda geçirilýän çärelerde beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi mirasyny, şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň edilýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda şanly ýyl mynasybetli geçirilýän çäreler türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynyň, öňe süren taglymatlarynyň, öwüt-ündewleriniň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmek babatynda örän ähmiýetlidir.

Halkymyzy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw edýäris.

TSTP