Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki Maliýe orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we partiýanyň agzalarynyň gatnaşmagynda “Milli Lider: döwletli maslahat - döwrebap ösüş” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeler we Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde döwletimiziň demokratik esaslary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda berkidilýär. Halk häkimiýetini pugtalandyrmaga ýardam edýän jemgyýetiň syýasy ulgamy barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasat türkmen döwletini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri ilerleýji häsiýete eýedir. Munuň aýdyň mysalyny soňky ýyllarda gazanylýan jemi içerki önümiň ösüşinden hem görmek bolýar. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylan görkezijiler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Giňişleýin mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tassyklan “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” 2024-nji ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Maslahatyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP