Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenabat şäherindäki Maliýe ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan täze eseriniň tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň agzalary, bilim işgärleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler täze kitabyň ymgyr many-mazmuna beslenen jümleleriniň üstünde çintgäp durup geçdiler. Kitapda ýaşlara bildirilýän uly ynamyň, ünsüň eriş-argaç bolup geçýändigini nygtadylar. Gahryman Prezidentimiziň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ýaşlaryň ýan kitaby boljakdygy barada durlup geçildi. Dabaranyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp kitabynyň bize, türkmen halkyna peşgeş bermeginiň uly buýsançdygy barada bellenildi. Dabara gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagyna döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

TSTP