Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY
    Şu gün...
  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

Ýaşlarmyza nusgawy görelde - Magtymguly Pyragy

Golaýda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýanyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat Ýüpek önümçilik birleşiginde “Ýaşlarmyza nusgawy görelde - Magtymguly Pyragy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Üç ýüz ýyla golaý mundan ozal döredilen eserler häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär, olar ynsan kalbynda uly orun tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2024-nji ýylda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenabat Ýüpek önümçilik birleşiginiň işgärlerinden partiýanyň hataryna agzalyga kabul edilenlere partiýa biletleri hem-de sowgatlary gowşuryldy. Duşuşygyň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň at-owazasynyň äleme ýaýylmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP