Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Bitaraplyk dünýä parahatlyk eçilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat boýunça bölüminiň mejlisler jaýynda Halkara Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk dünýä parahatlyk eçilýär” atly maslahat geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alnyp barylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. BMG ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len dün­ýä­niň bi­ta­rap döwleti bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 28 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa dün­ýä­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we yla­la­şyk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge we yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýan döw­let hök­mün­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gal­dyr­ýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­menistan döwletimiziň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­niň berk bin­ýa­dy­na öw­rül­ýär. Hal­ky­my­zyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri bi­len saz­laş­ýan hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň se­bit­de parahatçylygyň hem dostanalygyň sak­lan­ma­gy­na hyz­mat ed­ýän­di­gi bag­ty­ýar wa­tan­daş­la­ry­my­zy çäk­siz buý­san­ja bes­le­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myza esaslanýan ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny giňden da­ba­ra­lan­dyr­ýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başy aman bolmagyny dabara gatnaşyjylar arzuw etdiler!

TSTP